1-nji noýabrda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna («Ýol kartasyna») gol çekdiler. «Ýol kartasy» Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýokary derejeli saparlaryň netijesinde baglaşylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenip düzüldi. Resminamada syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky bilelikdäki işler we energetika, ulag-logistika, şeýle hem suw pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir