Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «nCa» internet portaly habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Ulag forumy geçirildi. Forumda Özbegistanyň Ulag ministri ihlom Mahkamowyň, Russiýanyň Ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerewiň hem-de Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýewiň arasynda «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Ozal habar berlişi ýaly, «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesi ýa-da «Günorta ulag geçelgesi» Gyrgyzystanyň günortasyndan Özbegistana, soňra Türkmenistana — Hazar deňzindäki Türkmenbaşy portuna geler we bu ýerden hem demirgazyk tarapa — Astrahana gider. Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň ygtyýarly guramalarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň arasynda bu geçelge bilen baglanyşykly dört taraplaýyn gepleşikler geçirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir