29-njy oktýabrda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Şunlukda, ýeňijilere — “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen “Türkmen alabaýy” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby B.Artykowa “Türkmeniň guwanjy — asyrlaryň buýsanjy” atly surat eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby S.Jumadurdyýewa “Wepaly maşgala” atly heýkel eseri; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri M.Ataberdiýewa “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnalyň bezeg işleri; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Wepadar” atly wideoşekili üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir