2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryna geçilen gije planetamyzyň köp ýerinde ýaşaýjylar Aý dolmasy bilen gabat gelýän bölekleýin Aý tutulmasyny synladylar. Dünýäniň dürli künjegindäki suratçylaryň we synlaýjylar nazary asmana gönükdirildi. Aý tutulmasy Ýer Gün bilen Aýyň arasynda bir çyzykda bolanda, Aý dolan wagtynda ýüze çykýar. Şeýle şertlerde, köplenç, Ýeriň tebigy hemrasy gyzyl reňkde bolýar, şonuň üçin oňa “ganly” Aý diýilýär. Şeýle-de bolsa, bu gezek iň uly kölege fazasy bary-ýogy 0,12 boldy (Aşgabat wagty 01:14-de) we beýle täsir bolmady. Aý dolmasynyň ýokary çägi 29-njy oktýabrda Aşgabat wagty bilen 01:24-e dogry geldi. Moskwa Planetariumynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aý tutulmasyny Ýewropa, Aziýa, Awstraliýa, Afrika, Demirgazyk Amerika, Demirgazyk/Gündogar Günorta Amerika, Ýuwaş, Atlantik, Hindi ummanlary, Arktika, Antarktida ýaly sebitlerde synlamak mümkin boldy. Russiýanyň we GDA-nyň ýaşaýjylary (gündogar sebitlerden beýlekileri) Aý tutulmasynyň ähli tapgyrlaryny gördüler. Bu waka 2023-nji ýylda Aý tutulmasynyň tapgyrlaryny soňlady. 2024-nji ýylyň ilkinji Aý tutulmasy 25-nji martda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir