Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) AFK-nyň 2022-nji ýyldaky şahsy baýraklaryna dalaşgärleri kesgitledi diýip, guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Halkara derejesinde «Aziýanyň iň gowy oýunçysy» baýragyna üç dalaşgär hödürlendi. Bu baýraga dalaş edýänleriň arasynda «Portunyň» we Eýranyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Mehdi Taremi, «Braýton end Houw Albionyň» we geçen ýyl Belgiýanyň «Ýunionynda» çykyş eden, Ýaponiýanyň ýarymgoragçysy Kaoru Mitoma we «Bawariýanyň» goragçysy Kim Min Je bar. Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy öň «Napolide» we «Fenerbahçada» oýnapdy. «Aziýada ýylyň iň gowy futbolçysy» kategoriýasynda üç dalaşgär bar: awstraliýaly Metýu Leki (“Melburn Siti”), katarly Almoýez Ali (“Al-Duhail”) we saud arabystanly Salem al-Dawsari (“Al-Hilýal”). Awstraliýaly futbolçy Samanta Kerr (“Çelsi”), hytaýly futbolçy Çžan Linýan (“Guançžou”, “Uhan”, “Grasshopper”) we ýaponiýaly futbolçy Saki Kumagai (“Bawariýa”) iň gowy zenan futbolçy diýen ugurda dalaşgär görkezildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir