Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Pakistanyň Daşary işler ministri Jalil Abbas Jilani bilen duşuşdy. Duşuşyk 26-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde geçirildi. Taraplar Türkmenistan — Pakistan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we onuň mundan beýläkde ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Jilani iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taryhy we medeni umumylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji liniýalar we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň sosial-ykdysady we gurluş taýdan ösüşine täze itergi berjekdigi nygtaldy. TOPH-yň owgan böleginde işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça goşmaça gepleşikler geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, Söwda-ykdysady ugurda bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak we özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynda habar berildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna nebit we gaz pudagy, energiýa we beýlekiler girdi. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki Türkmen-Pakistan hökümetara iş toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy. 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Bişkekde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir