Volkswagen ygtybarly awtoulag öndürmekde meşhurlyk gazandy. Volkswagen-iň iň ygtybarly 10 awtoulagynyň sanawy ýöriteleşdirilen HotCars neşiri tarapyndan düzüldi. Sanawy düzmek üçin Car Survey we JD Power -iň maglumatlary ulanyldy. Sanawda birinji orunda 2003-nji ýylda çykan, 1,9 litrlik Volkswagen TDI hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Volkswagen Beetle TDI durýar. Awtoulaga bolmalysy ýaly tehniki hyzmat edilende we GRM kemerli suw sorujysy öz wagtynda çalşylanda ol 160 müň km-den gowrak ýoly kynçylyksyz geçip biler. Ikinji ýeri 240 at güýji öndürýän 3,2 litrlik VR6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan we 4Motion ähli tigri hereketli ulgamy bolan Volkswagen Golf R32 eýeledi. Ýetmezçilikleri: poslamaga meýilli we öňdäki podweskasy häli-şindi näsazlyk tapýar. 2005-nji ýylda ýylda çykan, 2 litrlik TDI hereketlendirijisi bolan Volkswagen Passat üçünji ýeri eýeledi. Ol ýokary derejede rahatlygy we amatlylygy bilen tapawutlanýar, oňa yzygiderli tehniki hyzmat edilende 200 müň km-den gowrak ýol geçip biler. Ýeke-täk kemçiligi: içerki bezeginiň hili pes we hodowoýy häli-şindi näsazlyk tapýar. Iň ygtybarly Volkswagen wtoulaglary: 2003-nji ýylda goýberilen Volkswagen Beetle TDI. 2004-nji ýylda goýberilen Volkswagen Golf R32. 2005-nji ýylda goýberilen Volkswagen Passat. 2006-njy ýylda goýberilen Volkswagen Golf TDI. 2010-njy ýylda goýberilen Volkswagen Tiguan TDI. 2011-nji ýylda goýberilen Volkswagen CC TDI. 2013-nji ýylda goýberilen Volkswagen Touareg TDI. 2015-nji ýylda goýberilen Volkswagen Jetta TSI. 2018-nji ýylda goýberilen Volkswagen Passat Alltrack TDI. 2019-njy ýylda goýberilen Volkswagen Arteon TDI.