2023-nji ýylyň oktýabr aýynda nusgawy Windows CE operasion sistemasy işjeňligini ýitirdi diýip, ixbt.com habar berýär. Bu OS 1996-njy ýylda Windows 95-iň ýeňilleşdirilen wersiýasy hökmünde hödürlenipdi. Windows CE kem-kemden jübi ŞK, kalkulýatorlar, smartfonlar we içerki ulgamlar üçin niýetlenen özbaşdak OS-a öwrüldi. Ol adaty Windows operasion sistemasynyň NT ýadrosynyň deregine öz CE ýadrosyny aldy. Microsoft 2008-nji ýylda Windows CE adyny Windows Embedded Compact diýip üýtgetdi. Iň soňky wersiýa 2013-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykan Windows Embedded Compact 2013 (Windows CE 8.0) boldy. Bu wersiýanyň esasy goldawy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda, giňeldilen goldawy bolsa 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlandy. Ahyrynda, ol goldanylmaýan könelen önüm bolup galdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir