Ýeriň atmosferasy atmosfera girende ýanýan kosmos zibiliniň galyndylary sebäpli hapalanma sezewar bolan. Bu hapalanmanyň derejesi garaşylandan has ýokary bolup çykdy we, ähtimal, ol ýakyn onýyllyklarda çalt ýokarlanar. Muny Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasynyň stratosfera proseslerini öwrenmek boýunça missiýasynyň çäklerinde geçirilen gözleg görkezdi diýip, ixbt.com habar berýär. Gözlegçiler topary Ýeriň üstünden 12 km-den 50 km çenli belentlikde ýerleşýän, atmosferanyň ikinji gatlagy bolan stratosferada aerozollary ýygnamaga we seljermäge ukyply gözleg uçaryna ýörite enjam oturtdylar. Gözlegiň maksady ýanan kosmos galyndylaryndan “meteor tozany” bilen örtülen aerozollary tapmakdy. Ýöne munuň deregine topar atmosferany hapalaýan we tebigy prosesler ýa-da meteoritler bilen düşündirip bolmaýan metal elementleriniň ýokary derejesini ýüze çykardy. Aýratynam, niobiý we gafniý haýran galdyrdy – bularyň ikisi-de akkumulýator ýaly tehnologiki komponentlerde ulanylýan seýrek toprak metallarydyr. Alýumininiň, misiň we litiniň hem ýokary derejesi gözlegçileri alada goýdy. Ahyrky netijede, hapalanmanyň sebäbiniň ýokary öndürijilikli erginleri we gyzgyna çydamly materiallary döretmek üçin alýuminiý, mis, niobiý we gafniý ulanýan kosmos senagatydygy anyklanyldy. Gözlegiň çäklerinde Ýeriň atmosferasynda ýok bolan 20 dürli metal, şol sanda kümüş, demir, gurşun, magniý, titan, berilliý, hrom, nikel we sink ýüze çykaryldy. Gözlegçiler hapalanmanyň esasy çeşmesiniň atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna ýetilenden soň taşlanýan raketa güýçlendirijilerdigini çaklaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir