Italiýanyň Senigalliýa şäherinden Janluiji atly öýsüz-öwzarsyz adam SuperEnalotto lotereýasyna 1,5 ýewro möçberinde pul goýup, 37 müň ýewro gazandy. Salgyt tölänsoň, oňa takmynan 30 müň ýewro galýar. Şeýle-de bolsa, ol utuşyny häzirlikçe nagt edip bilmeýär diýip, Corriere Adriatico ýazýar. SuperEnalotto-da jekpot gazanmak üçin sanlaryň belli bir mukdaryny bilmeli. Janluiji uzak wagt bäri şol bir ýedi sana pul goýýar. 24-nji oktýabrda, sişenbe güni agşam onuň bagty çüwdi. Pul çykarmak üçin saglyk ätiýaçlandyryşy (tessera sanitaria) we salgyt kody (codice fiscale) gerek. Janluijiniň köne salgyt kody bar. Ýöne ol dogry gelmeýär. Talap edilýän kod lukmançylyk ätiýaçlandyryşynda görkezilýär, ýöne ol hem öýsüz-öwzarsyz adamda ýok eken. Corriere Adriatico-nyň ýazmagyna görä, Caritas haýyr-sahawat guramasy resminamalary dikeltmekde oňa ýardam edip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir