“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi “Formula-1” çempionatynyň 20-nji tapgyry bolan Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş doganlar Rodriges adyndaky awtodromda geçirildi. Tapgyrdaky ýeňiş dünýäniň üç gezek çempiony üçin möwsümde 16-njy boldy. Niderlandly türgen bu görkeziji boýunça rekordy täzeledi. 2022-nji ýylda ol 15 ýeňiş gazandy. Ikinji orny “Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton eýeledi (yza galyş 13,875 sekunt). Üçünji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi (+23,124). Bularyň yzyndan ilkinji onlukda ýerleşdi: 4. Karlos Saýns (“Ferrari”, +27,154); 5. Lando Norris (“Maklaren”, +33,266); 6. Jorj Rassell (“Mersedes”, +41,020); 7. Daniel Rikkýardo (“Alfa Tauri”, +41,570); 8. Oskar Piastri (“Maklaren”, +43,104); 9. Aleksander Albon (“Williams”, +48,573); 10. Esteban Okon (“Alpin”, +1.02,879). Indiki tapgyr 3-5-nji noýabrda Braziliýada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir