Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagy maksat edinýär. Trend agentliginiň habar berşi ýaly, ýylda 30 milliard kub metr kuwwatly täze gaz geçirijisi Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen geçip, öňki bar bolan A, B we C ugurlary bilen bitewi tory döreder. Deslapky maglumatlara görä, täze ugur beýleki üç şahanyň kuwwatyny 50 göterimden geçirer we Özbegistanyň Surhandarýa welaýatyndan geçer. 2022-nji ýylda günde takmynan 100 million kub metr tebigy gazy üstünden akdyrýan bu gaz geçirijisi arkaly Hytaýa, takmynan, 42 milliard kub metr tebigy gazyň iberilendigini bellemelidiris. Gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 9 müň kilometre, özbek böleginiň uzynlygy 530 kilometre barabardyr. Üç şahanyň hem geçirijilik ukyby ýylda 50 milliard kub metr gazdyr. Gaz turbasynyň üçünji şahasy bary-ýogy bir ýylyň içinde guruldy we şeýle desgalaryň gurluşygynyň tizligi boýunça dünýä rekordyna öwrüldi. Üç şahanyň jemi bahasy 4 milliard amerikan dollary.