Bayer kompaniýasy Roundup önümini ulanyp, hojinskiý däl limfoma keseline sebäp bolan adama ýetiren hakyky zyýany üçin 25 million dollar we jerime hökmünde 150 million dollar tölemeli edildi. Bu barada Bloomberg habar berýär. Pensilwaniýa ştatynyň kazyýet agzalary Bayer AG-iň Monsanto bölümini 83 ýaşly Erni Karançä 175 million dollar tölemäge borçly etdiler. Amerikaly adamyň arzasynda 20 ýyllap öz meleginde Roundup-y ulanmagy hojinskiý däl limfomanyň döremegine sebäp bolandygy aýdylýar. Bu Roundup babatynda birinji nägilelik däl. Şondan öňem kompaniýa, tä bir hepde mundan öň Sent-Luis ştatynyň kazyýetinde emin agzalary gerbisidi öz düwnük keselinde günäkärleýän başga bir adama 1,25 million dollar jerime tölemeli edýänçä, yzly-yzyna dokuz kazyýet işinde ýeňiş gazanypdy. Bayer hem öz gezeginde jogap hatynda esassyz höküm bilen ylalaşmaýandygyny we öwezini dolmagyň mukdaryny azaltmagy talap etjekdigini aýtdy, şol bir wagtyň özünde täze baş direktor Bill Anderson hiç zadyň aradan aýrylmaýandygyny we nemes kompaniýasynyň strategiýasyny we gurluşyny gözden geçirýändigini, maýa goýujylaryň ynamyny gaýtadan dikeltmäge we guramany köp kynçylyklardan çykarmaga çalyşýandygyny aýtdy. Kazyýetde kazyýet işiniň bähbitlerine wekilçilik edýän aklawçy Karançanyň derman serişdesiniň täsiri astynda 400 sagatdan gowrak wagt geçirendigini we gorag eşigini geýmändigini aýtdy. Ikinji aklawçy Jeýson Itkin öndürijiniň adamlara Roundup-yň düwnük keselini döredýändigi barada bilgeşleýin duýduryş bermändigine salgylanyp, adamlara hakykaty aýtsalar, satuwlaryna zyýan ýetirjekdigini belledi. Kazyýet hökümini çykarmazdan öň ony 6 sagat töweregi ara alyp gňeeşdi.