Gün işjeňliginiň ýokary çäginiň wagtyndan öň bolup biler. NASA-nyň we ABŞ-nyň Atmosfera gözlegleri merkeziniň (NCAR) alymlarynyň aýtmagyna görä, bu açyş ýyldyzyň tebigatyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Gün işjeňligi 11 ýyllyk aýlawy bilen dowam edýändigi mälimdir, minimumlar maksimumlar bilen gezekleşýär. Pese gaçanda ýyldyzyň üstünde görünýän tegmilleriň we Gün tupanlarynyň sany azalýar. Öňki Gün minimumy 2019-njy ýylyň dekabrynda hasaba alyndy. Ondan soň Günüň işjeňligi kem-kemden artyp başlady. Alymlar munuň 2025-nji ýylyň iýul aýynda aňrybaş derejä ýetjekdigini çakladylar. Ýöne soňky gözegçilikler munuň has ir boljakdygyny görkezýär. NASA-nyň we NCAR-yň hünärmenleri işjeňligiň iň ýokary derejesiniň 2024-nji ýylyň ortalaryna-ahyryna gabat geljekdigini we Gün tegmilleriniň sanynyň garaşylýandan iki esse köp boljakdygyny çaklaýarlar. Alymlar bu tizleşmäniň sebäplerini entek bilenoklar, ýöne ýyldyzy öwrenmegi dowam etdirmekçi. Gün alaw görnüşinde ummasyz energiýany goýberýär we olaryň käbiri Ýere gelip ýetýär. Planetamyzyň magnitosfera görnüşinde goragy bar, ýöne güýçli alawlar hemra enjamlarynyň we aragatnaşyk ulgamlarynyň işleýşine täsir edip, howa duýgur adamlarda saglygyň erbetleşmegine sebäp bolup biler. The Conversation-iň bellemegine görä, Gün zyňyndylary orbital apparatlara howp salýar.