Şu maliýe ýylynyň birinji ýarymynda (2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabryna çenli) Toyota Motor 5,58 million awtoulag öndürdi. Toyota-nyň resmi taýdan çap edilen maglumatlaryna görä, bu belli bir döwürde kompaniýa üçin rekord görkeziji. Toyota öz beýanatynda dünýädäki awtoulag önümçiliginiň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,8 göterim ýokarlandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, senenama ýylynyň birinji ýarymynda ýapon Toyota-sy 5,6 milliondan gowrak awtoulag öndürip, rekord goýdy. Ýanwar-iýun aralygynda olaryň 4,2 milliondan gowragy Ýaponiýanyň daşynda satyldy. Bu görkezijä görä, kompaniýa eýýäm yzygider dördülenji ýyl dünýäde birinji orny eýeläp gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir