30-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri ýerlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Häzirki wagtda pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda we binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini habar berdi. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriň görülmegini tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir