Argentinaly hüjümçi Lionel Messi “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy üçin berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. 36 ýaşly hüjümçi klub derejesinde “Inter Maýami” amerikan klubunda çykyş edýär. Messi baýragy duşenbe güni Parižde geçirilen dabarada aldy. Ses berişligiň jemi boýunça iň gowularyň üçlügine “Pari Sen-Žermeniň” oýunçysy Kilian Mbappe we “Mançester Sitiniň” oýunçysy Erling Holand hem girdi. Şeýlelik bilen, Messi “Altyn top” baýragyna karýerasynda sekizinji gezek eýe bolýar, bu bolsa baýragyň taryhynda rekorddyr. Ikinji orny Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeleýär. Onuň hasabynda bäş baýrak bar. Ýöne ol bu gezek Messi bilen bäsleşip bilmedi, sebäbi 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dalaşgärleriň sanawyna goşulmady.