Duşenbe güni Parižiň Şatle teatrynda iň gowy futbolçylara baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. “France Football” žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy hökmünde (21 ýaşdan kiçi) Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem saýlandy. Baýrak üçin dalaşgärleriň bäşligine Bellingemiň klubdaşy fransiýaly Eduardo Kamawinga we Mýunheniň “Bawariýasyndan” Jamal Musiala, şeýle-de “Barselonadan” Pedri we Gawi girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir