“Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand “France Football” žurnaly tarapyndan geçen möwsümiň iň gowy bombardirine berilýän Gerd Mýuller adyndaky baýragyň eýesi boldy. Holand 2022/2023-möwsüminde 56 gol geçirdi, onuň ähli goly dabarada ýazgy bilen görkezildi. Möwsümiň jemi boýunça bombardirleriň ýaryşynda ikinji orny Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Kilian Mbappe eýeledi (54 gol), üçünji angliýaly Garri Keýn boldy (40 gol). Şeýle-de, ilkinji bäşlige argentinaly Lionel Messi (38 gol) we polşaly Robert Lewandowskiý (36 gol) girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir