Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekillerinden düzülen ýörite topar ýurdumyzyň welaýatlarynda, çetki etraplarynda, obalarynda ýaşlaryň, zenanlaryň, ýaş maşgalalaryň arasynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklarynda, maslahatlarynda çykyş edýärler. Bu barada Mahabat müdirligi habar berdi. Bu topar Watanymyzyň pajarlap ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýan zenanlary jemgyýetçilik çärelerine işjeň çekmek, Watanymyzyň geljegi bolan mynasyp neslimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamakda we hormatlamakda ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, üstünlikleri, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni wagyz-ündew etmek maksady bilen döredildi. Ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilýän duşuşyklar watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmete ukyply, ylymly, bilimli, medeni aň-düşünjesi ösen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary, zenanlary kämilleşdirmek dogrusynda geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir