Iki agram kategoriýasynda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor (22-6) aprel aýynda söweşip biljekdigini aýtdy. Şol aý UFC 300 ýaryşy geçiriler. Bu barada sport-express.ru belleýär. “Men aprel aýynda dolanyp gelmek isleýärin. Ondan öň uly höwes bilen çykyş ederdim, ýöne hakykatçyl bolsak, men doly dikelip, gowy formada gelmek isleýärin. Aprel aýynda dolanaryn diýip pikir edýärin. Maňa eýýäm üç ýyl bäri söweşmäge mümkinçilik berenoklar. Düşüniň. Men şikes aldym we ýeňildim. Siz Aleksandr Wolkanowskiniň näme diýenini eşitdiňizmi? Men öz durmuş ýörelgäme gaýdyp gelmeli. Bu meniň işim. Bu gynandyrmanam duranok. Maňa diňe sene gerek. Maňa senäni aýdyň. Boldy. Eger men boksçy bolan bolsam, dikelmegim üçin ýönekeý bir garşydaşy bererdiler. Ýöne MMA-da seni bir akulanyň, bir-de ýolbarsyň sürenine oklaýarlar. Ýagdaý şeýleräk we bu kadaly zat. Men oktagona dolanyp, işjeň bolmak isleýärin. Karýeramy tamamlamazdan ozal iň gowy söweşiji bolmak isleýärin. Munuň üçin islendik söweşijä hemişe bäsdeşlik gerek” – diýip, Makregor MMA Junkie bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Makregor we Maýkl Çendler (23-8) The Ultimate Fighter 31-de halypa boldular. Olar 2024-nji ýylda duşuşmaly.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir