28-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. 29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygy beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, oňa iki ýurduň şahyrlarydyr ýazyjylary, medeniýet we ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar. Çäre başlanmazdan öň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Ýazyjylar seýilgähine» gezelenç guraldy. Bu ýere ýygnananlara seýilgähiň taryhy hem-de onda döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berildi. Tanyşlygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy muzeýiň ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň mejlisler zalynda iki ýurtdan wekilleriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny nygtadylar.