Osaka şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Osaka prefekturasynyň gubernatory H.Ýoşimuranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar üçin amatly wagtda Osaka prefekturasynyň gubernatorynyň Türkmenistana saparyny guramaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir