ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid 31-nji oktýabrda ÝHHG-niň gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geler. Aşgabatda Baş sekretar Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan gurnalýan we geçirilýän “ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň forumyna” gatnaşar diýlip, ÝHHG-niň saýtynda habar berilýär. Ýokary derejeli strategiki maslahat serhetleriň howpsuzlygy üçin töwekgelçilikler, howanyň üýtgemeginiň netijeleri we aragatnaşygy berkitmegiň tutuş sebite getirip biljek mümkinçilikleri ýaly meselelere gönükdiriler. Duşuşyk gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň bu meseleleri çözmek we ÝHHG-niň bu tagallary nähili goldap biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmekde esasy mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin meýdança bolup hyzmat eder. Baş sekretar saparynyň dowamynda premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hem duşuşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir