Şu ýyl Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu düzümiň 16-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň guramagynda şu ýylyň dowamynda 4 sany köptaraplaýyn onlaýn maslahatlar we «tegelek stol» duşuşyklary geçirildi. Wise-premýer öňde boljak çäre barada giňişleýin maglumatlary aýtdy. Hususan-da, forumyň çäklerinde ulag we logistika, saglygy goraýyş we lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy, bilim we ylym, syýahatçylyk ugurlaryna degişli 6 mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ministrler derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar. Forumyň netijesi boýunça jemleýji resminama kabul ediler. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Ýaş telekeçileriniň işewürlik forumynyň, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürler Geňeşiniň dördünji mejlisiniň we «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürler Geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň möhüm ornuna üns çekildi. Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlary bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir