28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Przident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, onuň kärhanalarynyň önümçiliginiň bökdençsiz we kadaly işini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir