8-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, hasabatynyň çäklerinde, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň jemleri barada aýdyp, şonda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän «Ýol kartasyny» ýakyn wagtda işläp taýýarlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtda, iki döwletiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni we ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. Ýatladyp geçsek, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürler forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we onda çykyş etdi. Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip: — Ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde hem dowam etdirmek bolar. Şol sebäpli nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin — diýip belledi. Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda belleýşi ýaly, Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumyna, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen bir hatarda, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür düzümleriniň wekilleriniň 700-e golaýy gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen we türk işewürleriniň arasynda jemi 15 duşuşyk geçirildi hem-de 14 şertnama we ylalaşyga gol çekildi. Ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek we täze derejä çykarmak boýunça uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekildi. Saparyň barşynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp: — Türkiýe Respublikasy biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýar. Doganlyk döwlete bolan saparyň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Uly maksatly ylalaşyklar gazanyldy. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge iki tarapyň hem uly isleg bildirýändigini doly tassyklady. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn ähmiýetli wakadyr — diýdi we dostlukly ýurda amala aşyrylan bu saparyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir