28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, hasabatynyň çäklerinde, Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk, energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetleriň altysynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, häzirki tapgyrda döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň we onuň kiçi komitetleriniň alyp barýan işleri köp babatda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berer. Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekendigini habar beripdik. Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany hödürlenilen şol resminamany makullap, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir