Habar berşimiz ýaly, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew ýurduň daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga we eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýurduň önümlerini sanly birža söwdalarynyň üsti bilen ýerlemekde degişli halkara maglumat ulgamlaryndan peýdalanylýandygy we şunuň bilen baglylykda, degişli şertnamany baglaşmagyň teklip edilýändigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, munuň özi birža hyzmatlaryny dessin amala aşyrmaga, täze daşary ýurtly müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer B.Atdaýewe Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan şertnama baglaşmak meselesini öwrenmegi we şu esasda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, birža söwdalaryny geçirmek işini kämilleşdirmegi tabşyrdy. Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olary dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu ulgamda guramaçylyk-hukuk kadalaşdyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça meseleleriň netijeli çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.