«Dostlar» diýen meşhur teleserialda baş keşpleriň birinde surata düşen kanadaly-amerikaly aktýor Mettýu Perri 54 ýaşynda aradan çykdy diýip, «Interfax.ru» habar berdi. TMZ neşiriniň habaryna görä, aktýoryň jesedi Los-Anjelesdäki öýünden tapyldy. «The New York Times» gazeti polisiýa gullugynyň aktýoryň ölüminiň sebäbini derňeýändigini ýazýar. Perri 1969-njy ýylyň 19-njy awgustynda doguldy. Onuň meşhur kino keşpleriniň arasynda «Dostlar» teleserialyndaky Çendler Bing we «Ron Klarkyň taryhy» filmindäki baş keşp bar. 1994-nji ýylda ýaýlymda görkezilip başlanan «Dostlar» serialy aktýoryň ykbalyna güýçli täsir etdi, serial 10 möwsüm dowam edip, soňky möwsümlerde aktýorlar her bir bölüm üçin bir million dollar hak aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir