Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen alabaýynyň keşbini çeper şekillendirmek boýunça iň oňat döredijilik işi ugrundaky bäsleşigiň netijelerini jemledi. Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp, aşakdaky ýeňijiler diýlip kesgitlenildi: Haly eserini döretmek boýunça: Amanmyrat Gulberdiýew, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi, «Türkmen alabaýy» atly eseri; Surat eseri boýunça: Bägül Artykowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby, «Türkmeniň guwanjy – asyrlaryň buýsanjy» atly nakgaş eseri; Heýkel eseri boýunça: Selbi Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby, «Wepaly maşgala» atly heýkel eseri; Neşir önümi boýunça: Maýsa Ataberdiýewa, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalynyň bezeg işleri; Teleoperatorçylyk işi boýunça: Döwletgeldi Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory, «Wepadar» atly wideo şekili. Ozal biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleriň geçiriljekdigi barada habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir