Niderlandlaryň Leýden uniwersitetiniň alymlary çaýa we kofä şeker goşmagyň zyýansyzdygyny kesgitlediler. Ylmy barlagyň netijeleri «PLOS One» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Alymlar topary 3 müňe golaý adamyň gatnaşmagyndaky 32 ýyllyk synlamalaryň maglumatlaryny seljerdiler, olar çaýa ýa-da kofä dürli möçberde gant goşup içipdirler. Seljermäniň netijeleri gant goşmagyň wagtyndan öň ölüme hiç hili täsir etmeýändigini görkezdi. Ylmy barlagyň awtorlary çaýa ýa-da kofä 2,5 gram (iki düwür) gant atyp içmegiň kadalaýykdygy barada netijä geldiler. Gazly suwlarda, şerbetlerde we beýleki içgilerde gandyň 25 grama golaýy bar, şonuň üçin bu içgiler adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýär diýip, alymlar belleýärler.