2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 20,9 müň sany türkmenistanly dynç almak maksady bilen Özbegistana sapar etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Türkmenistan goňşy ýurda dynç almaga baran raýatlarynyň sany boýunça ýedinji ýerden orun aldy. Has takygy, hasabat döwründe Özbegistanda dynç alan daşary ýurtlylaryň 3,72 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Bu ugurda ilkinji bäşlikden Russiýa Federasiýasy (178,5 müň), Gazagystan (45,1 müň), Gyrgyz Respublikasy (27,9 müň), Täjigistan (27,6 müň) hem-de Türkiýe (27,1 müň) orun aldy. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň dokuz aýynyň dowamynda jemi 561,1 müň sany daşary ýurtlylar Özbegistana dynç almak üçin barypdyr. Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlylaryň 60 göterime golaýyny türkmenistanlylar emele getiripdi.