Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde, obalarynda eneleriň, zenanlaryň dürli ugurlarda zähmet çekmekleri, dynç almaklary, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Bu bolsa türkmen zenanlarynyň maşgala mukaddesligini gorap saklamakda, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, milli hem-de medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Watanyň pajarlap ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýan zenanlary jemgyýetçilik çärelerine işjeň çekmek, Watanyň geljegi bolan mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamakda we hormatlamakda ýurtda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, üstünlikleri, pederlerden miras galan milliligi, däp-dessurlary, edep-terbiýäni wagyz-ündew etmek maksady bilen, ýörite topar döredildi. Şol toparda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri gatnaşyp, ýurduň welaýatlarynda, çetki etraplarynda, obalarynda ýaşlaryň, zenanlaryň, ýaş maşgalalaryň arasynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklarynda, maslahatlarynda çykyşlaryny dowam etdirýärler. Ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşyklar watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmete ukyply, ylymly, bilimli, medeni aň-düşünjesi ösen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary, zenanlary kämilleşdirmek dogrusynda geçirilýär.