Türkmenistan bilen Pakistan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmaga gönükdirilen mundan beýläkki gepleşikleri dowam etdirmegi teklip etdiler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Bu teklip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen Pakistanyň daşary işler ministri Jalil Abbas Jilaniniň Bişkekde ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň mejlisiniň çäginde geçirilen duşuşykdan soň mälim edildi. Söhbetdeşler TOPH taslamasynyň we elektrik geçiriji liniýalaryň taslamalarynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine täze itergi berjekdigini bellediler. Taraplar söwda-ykdysady ugurda bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmak we özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda nebit-gaz pudagy, energetika we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki Türkmen-Pakistan Hökümetara toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir