Türkmenistanly ýaş türgenler figuralaýyn typmak boýunça klublaryň arasyndaky «Global Skating Academy» halkara ýaryşyna gatnaşdylar. Bu barada «TASS» habarlar agentligi habar berdi. Şu ýyl ilkinji gezek geçirilen halkara «Global Skating Academy» halkara ýaryşyna Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de BAE-niň klublary gatnaşdylar. Ýaryş 21 klubyň düzüminde çykyş edýän 140-dan gowrak türgeni bir ýere jemledi. Türkmenistanly figuralaýyn typyjy türgenler ýaryşda üstünlikli çykyş edip, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Şeýle-de, «Global Skating Academy» türkmenistanly ýaş figuralaýyn typyjy türgenler üçin geljekki yklym we sebit ýaryşlaryna gatnaşmakda tejribe mekdebi bolup hyzmat etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir