Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi saparynyň jemleri boýunça geçirilen metbugat brifinginde Türkmenistanda akkreditirlenen ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Şol sowallaryň hatarynda türkmen gazynyň Türkiýä iberilmegi baradaky sorag hem bar. Metbugat brifinginiň ahyrynda Russiýanyň «TASS» habarlar agentliginiň žurnalisti ilçä Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermegiň mümkinçilikleri we onuň mukdary baradaky sowal bilen ýüzlendi. Ilçi şol sowala jogap bermek bilen, degişli meseläniň Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň çäklerinde çäkli düzümdäki gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şeýle-de, iberiljek tebigy gazyň mukdary babatda taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýändigi aýdyldy. Ilçi, hususan-da, bar bolan Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Gresiýa — Italiýa gaz geçirijisini ýatlap geçdi. Mundan başga-da, geçen ýyl Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitde degişli mesele boýunça Ýörite iş toparyň döredilendigi nygtalyp, onuň häzirki wagtda türkmen gazyny Türkiýe ibermek boýunça taslamanyň üstünde çynlakaý iş alyp barýandygyny, hususan-da, iberiljek gazyň mukdaryny kesgitlemek barada gepleşikleriň dowam etdirilýändigini mälim etdi. Togan Oralyň aýtmagyna görä, Türkmenistan baý energetika serişdeleriniň baý gorlaryna eýelik edýär. Ýöne üpjünçiligiň tehniki taraplarynyň, şol sanda Türkmenistanda bar bolan infrastruktura arkaly näçeräk mukdarda tebigy gazy iberip boljakdygynyň iş topary tarapyndan öwrenilmegi zerur bolup durýar. Şeýle-de, ilçi Türkiýäniň tebigy gazyň uly mukdaryny import etmäge taýýardygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkiýe häzirki wagtda dürli ýurtlardan her ýylda 60-70 milliard kub metr tebigy gazy satyn alýar. Ýurdy tebigy gaz bilen esasy üpjün ediji döwlet bolsa Russiýa Federasiýasy hasaplanýar. «Türkiýe ösen senagatlaşan ýurt hökmünde köp mukdarda elektrik energiýasyny we tebigy gaz import edip biler. Şunuň bilen baglylykda, gaz üpjünçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýar hem-de türkmen tebigy gazyny satyn almaga isleg bildirýär» diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir