Kaliningradyň haýwanat bagynyň işgärleri Kaýus lakamly düwlene çotga tutmagy we surat çekmegi öwretdiler. Bu barada bagyň direktory Swetlana Sokolowa salgylanýan «MIR 24» ýazýar. «Nirdedir bir ýerde pil, ýene bir ýerde maýmyn, bizde bolsa düwlen surat çekýär!» diýip, direktor gürrüň berdi. Düwlene surat çekmegi öwretmek üçin tälim berijiler uzak yhlas etdiler, olar Kaýusyň surat çekýärkä, rahatlanýandygyny anykladylar. Düwlen çotga we reňklere oňat erk edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir