Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda öz işiniň ussat hünärmenleri zähmet çekýärler. Kärhananyň bölümleri senagatyň we gurluşyk pudagynyň dürli ugurlary — gaz peç toplumlary, metal gaplar, yşyklandyryş we transformator stansiýalary, elektrik geçiriji diňler, liniýa-zynjyr enjamlary, iş eşikleri, işçiler üçin wagon görnüşli jaýlar we başga-da köp sanly önümleri öndürýär. Kärhananyň uly iş tejribesi bolan hünärmenleri tokar-frezer, demir ussaçylyk, gurnama we abatlaýyş işleriniň köpüsini ýerine ýetirýärler. «Nebitmaş» kärhanasynyň önümleriniň hili we köpdürlüligi hersi öz pudagynda ussat hasaplanylýan hünärmenleriň tagallasy bilen üpjün edilýär. Kärhananyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir