Helsinkiniň uniwersitetiniň alymlary Finlýandiýanyň beýleki ylmy edaralary bilen bilelikde, adamlaryň köpçülikleýin göwnüçökgünlige we ukusyzlyga uçramagynyň sebäbini howanyň üýtgemegi bilen baglaýarlar. Bu barada fin alymlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Alymlar bu psihiki bozulmalaryň has köp ýaýramagyny ýylyň möwsümleriniň garyşmagy bilen baglanyşdyrdylar. Ýagdaý has-da bütin ýylyň soňy gelmeýän noýabra öwrülýän demirgazyk ýurtlarda has ýiti duýulýar, munuň esasy sebäbi hem gün şöhlesiniň ýetmezçiligidir. Alymlar heniz ylmy barlaglary tamamlanoklar, bular deslapky netijelerdir. Jemleýji netijeler 2024-nji ýylda yglan ediler. Howa şertleriniň adamlaryň keýpine täsir edýändigini welin, eýýäm bu ugurda geçirilen ylmy barlaglar subut etdi. Emma olaryň arasynda gapma-garşylyk hem hasaba alyndy. Şonuň üçin adamyň özüni duýşy bilen howanyň arabaglanyşygyny takyklamak üçin ylmy barlaglaryň köp geçirilmegi zerur diýlip, habarda nygtalýar.