Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) Bütindünýä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanan okuw we amaly çäre geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Türgenleşik meýdançasynda okuwa gatnaşýanlar ýer titreme, suw joşguny, sähra ýangyny, sil gelme we toprak süýşmesi ýaly adatdan daşary tebigy ýagdaýlar bilen tanyşdylar. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp baryş kadalaryny öwrendiler, şeýle hem lukmandan owal ilkinji kömegi bermek boýunça amaly tälim aldylar. Habarda bellenilişi ýaly, alnan bilimleri netijeli berkitmek üçin, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri okuwa gatnaşýanlary hakyky betbagtçylykly ýagdaýlara mümkin boldugyça meňzedilen emeli maşklary ýerine ýetirmäge çagyrdylar. Hünärmenleriň gözegçiligi astyndaky geçen okuw we amaly sapaklarda täze ýetişen ilkinji kömek hünärmenleri gyssagly çäreler toplumynyň üstünde işlediler. Bularyň arasynda adaty däl ýagdaýlara baha bermek ukyby, ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmek endikleri, gan akmany duruzmak, ýarany daňmak we ş.m. endikler bar diýlip, habarda bellenilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylyň 26-njy martynda döredilipdir. Iň soňky maglumatlara görä, TGÝMJ-de 5 welaýat, 3 şäher, 36 etrap şahamçasy bar. Ýurt boýunça meýletinçileriň sany dört müňden geçýär. Ýüz ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görmek bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi edarasy welaýat bölümleri bilen bilelikde 2026-njy ýyl üçin simwolik nyşanlary döretmek üçin bäsleşik yglan etdi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir