Osaka şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Osaka prefekturasynyň gubernatory H.Ýoşimuranyň arasynda duşuşyk geçirildi. 26-njy oktýabrda bolan duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Şeýle hem taraplar üçin amatly wagtda Osaka prefekturasynyň gubernatorynyň Türkmenistana saparyny guramaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir