31-nji oktýabrda Azerbaýjanda TÜRKSOÝ-yň Ilkinji halkara teatr festiwaly açylar. Şuşa we Baku şäherlerinde geçirilýän we 4-nji noýabra çenli dowam etjek festiwala Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry hem gatnaşýar diýip, «Report.az» habar berýär. Bu çäre azerbaýjan halkynyň milli lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna, Şuşa şäheriniň 2023-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde saýlanmagyna, Azerbaýjanyň Milli teatrynyň döredilmeginiň 150 ýyllygyna we TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär. Bellenilişi ýaly, festiwalda TÜRKSOÝ ýurtlaryndan bolan teatr toparlary öz eserlerini görkezerler. Festiwal şeýle hem türki dünýäsiniň meşhur teatr işgärlerini birleşdirer we doganlyk türki ýurtlarda bu ugry ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ ýurtlarynyň döwlet teatrlarynyň Baştutanlar geňeşiniň 9-njy mejlisini Şuşada geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir