Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şol sanda, ministr Pak Jiniň Türkmenistana ýakynda amala aşyryljak resmi saparynyň we şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Haarda bellenilişi ýaly, ministr «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda türkmen tarapynyň edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir