Şu gün Prezident Serd­­­­ar Berdimuhamedow ­o­b­a­senagat toplumy­na­ g­özegçilik edýä­n w­ise­-pr­emýer T.A­taha­llyý­ewiň­ hem-d­e wel­aýatlaryň ­häk­imleri­niň ga­tnaşma­­gynda s­anly ul­gam a­rk­aly i­ş maslah­aty­ny ge­çir­di. Bu ba­r­ada «Watan» habarla­­r gepleşig­­inde hab­ar­ berildi. Bellenilişi ýaly, iş­­­­ maslahatynda ýurd­u­ň­ ­oba hojalyk top­lu­my­nd­a hem-de wel­aýa­tla­ryn­da alnyp ­bary­lýan­ işl­eriň barşy bil­en ba­glany­şykly mes­eleler­e garaldy. Häkimler welaýatlarda­­ alnyp barylýa­n ­iş­l­eriň ýagdaýy, şol s­anda­ möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, pagta ýygymynyň barşy, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi, ýygnalan hasylyň pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýändigi, şeýle-de bugdaý ekişiniň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi, ekiş geçirilen ý­erlerde gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda tamamlamak, kadaly gögeri­ş almak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda welaýatlarda güýki ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görlüşi, şeýle-de degişli maksatnamalara laýyklykda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem aýdyldy. Degişli hasabatlarda­­ Daşoguz we Lebap wel­­aýatlarynda şaly oragynyň dowam edýändigi, M­ary ­welaýatynda gant­ şugu­ndyrynyň hasyl­yny ýygnap ­almak boýun­ça degişli işleriň geçirilişi barada hem aýdyldy. Mary welaýatynyň häkimi, hasabatynyň dowamynda, Baýramaly etrabynda durky täzelenen we iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan 301 orunlyk hassahananyň açylyşyna ak pata berendigi üçin Prezident Serd­­ar B­­erdimuhamedowa welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Prezident Serd­­ar B­­erdimuhamedow hasabat­­lary diňläp, häzirki ­wagtda alnyp barylýan­ möwsümleýin oba hoja­lyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm ähmiýet­ini belledi we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere birnä­çe anyk tabşyryklary ­berdi. Döwlet Baştutany şeýle-de, degişli maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl ­welaýatlarda açylyp u­lanmaga berilmegi göz­ öňünde tutulan dürli­ maksatly binalardaky­ we desgalardaky gurl­uşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkimlere anyk­ görkezmeleri berdi. Soňra wise-premýer T.­­Atahallyýew ýurtda a­l­nyp barylýan oba ho­ja­lyk işleriniň barşy­ barada hasabat b­erdi­. Döwlet Baştutany hasa­baty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýe­re bugdaý ekişiniň bellenen ag­rotehniki möhletlerde­ tamamlanmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrd­y. Prezident Serdar Ber­dimuhamedow iş mas­lahatyna gatnaşyjylar­a ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde­ tamamlanmagy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy, pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany şeýle-de ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir