Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirilip, onda paýtagtyň «Altyn asyr» topary «Energetikden» üstün çykdy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär. Mary şäherinde geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 30-a ýetiren «Altyn asyr» ýaryş tertibinde ikinji orny eýelemegini dowam edýär. 12 utugy bolan «Energetik» eýeleýän 8-nji ornunda galdy. 19-njy tapgyryň duşuşygy: «Energetik» – «Altyn asyr» – 1:2 Gollar: 5 Serdar Annamämmedow – 32 Aşyr Jumadurdyýew, öz derwezesine, 36 (11 m.j.u.) Ahmet Ataýew.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir