Türkmenistan 2023-nji ýyl üçin Zenanlaryň Parahatçylyk we Howpsuzlyk Indeksiniň (WPS Index) hasabatynda 177 ýurduň içinde 58-nji orny eýeledi. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy netijedir diýip, www.trtrussian.com habar berýär. Sebitde ikinji ýerde eýelän Gazagystan (70-nji orun), ondan soňra Täjigistan (90-njy orun), Özbegistan (94-nji orun) we Gyrgyzystan (95-nji orun) ýerleşýär. Bu babatda dünýäniň iň gowy görkezijileri Daniýa, Şweýsariýa we Şwesiýa (degişlilikde birinji, ikinji we üçünji ýerler) degişlidir. «WPS Index» taýýarlanda, awtorlar üç derejä bölünen 13 görkeziji boýunça ýurtlardaky ýagdaýy göz öňünde tutdular. Degişli hasabat üçin maglumatlar BMG-niň agentlikleri, Bütindünýä banky, «Gallup»-yň global pikir soraşmalary we beýlekiler ýaly çeşmelerden ýygnaldy diýip, çeşme belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir