Türkmenistan şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Täjigistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji bäşlige girdi. Bu barada «Howar» habarlar agentligi habar berdi. Hasabat döwründe 3 müň sany türkmenistanly Täjigistana syýahat edipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan degişli sanawda Özbegistandan (664 müň), Russiýa Federasiýasyndan (248,1 müň) hem-de Gazagystandan (24,9 müň) soňra dördünji orny eýeledi. Ilkinji bäşligi bolsa Täjigistana 2,1 müň sany raýaty syýahat eden Gyrgyzystan jemleýär. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda Täjigistan jemi 802,3 müň sany syýahatçyny kabul edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 17,1 göterim artykdyr. Täjigistana gelýän syýahatçylaryň aglaba bölegi, has takygy, 737,2 müň sanysy GDA ýurtlarynyň paýyna düşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir