Lebap welaýatynda güýzki oba hojalyk möwsüminiň sarymsak we sogan ekmek işleri tamamlandy. Welaýatyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde we hojalyklarynda geljek ýylyň hasyly üçin jemi 450 gektar ýerde sarymsak ekildi. Bu jogapkärli işlerde häzirki zamanyň iň kämil sarymsak ekiji tehnikalarynyň we serişdeleriniň kömeginden peýdalanylmagy ynsan saglygy üçin örän peýdaly ösümlikden doly gögeriş almakda aýratyn ähmiýetli boldy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, lebaply daýhanlar şu ýyl gök we bakja önümlerini öndürmek boýunça işlere höwesli çemeleşip, onuň öndürilişini has-da artdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Hususan-da, bu babatda möwsüm boýunça Çärjew etrabynda 130, Saýat etrabynda 108, Hojambaz etrabynda hem 71 gektar meýdanda sarymsak ekilmegi has-da guwandyryjydyr. Welaýatyň daýhanlary meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 900 gektar ýerde güýzlük soganyň hem ekişini öz wagtynda tamamladylar. Hususan-da, Çärjew, Hojambaz we Saýat etraplarynyň ýer eýeleri, degişlilikde, 280, 250 hem-de 150 gektar meýdanda güýzlük soganyň naýbaşy sortlaryny ekip, meýilnamalaýyn işleri nusgalyk derejede ýerine ýetirdiler. Şu günler welaýatda, beýleki güýzlükler bilen bir hatarda, bu örän ähmiýetli iki ekiniň ýokary derejede gögeriş alnan meýdanlarynda ideg işlerine guramaçylykly girişildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir