Belli Ýewropa kompaniýalarynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy bolan «Daluw» kompaniýasy ýakynda 10 ýyllygyny belledi. Bu döwürde kompaniýa öndürijiden hemişe ýokary hilli we barlag synagyndan geçen önümler bilen üpjün edip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Ýubileýe kompaniýanyň «Fenix», «Wilo», «Viessmann», «Royal Thermo» we «Pedrollo» ýaly hyzmatdaşlary gatnaşdy. «Daluwyň» soňky 2 ýylda alyp barýan esasy işi Türkmenistandaky sarp edijileri ýyladyş enjamlary we elektrik enjamlary bilen üpjün etmekdir. «Daluw» bu ugurda köp ýyllar işlemek bilen, uly üstünlik gazandy, dünýäniň iri öndürijilerinden ýyladyş, elektrik enjamlary we suw üpjünçiliginiň önümlerini iň uly üpjün edijileriň birine öwrüldi. Bu ýyllaryň dowamynda «Daluw» kompaniýasy işini barha ilerledip, işiň täze ugurlaryny açdy, Türkmenistandaky tanymallygyny artdyrdy, işgärleriniň sanyny köpeltdi, şeýle hem ynam bildirýän we önümlerden minnetdar bolýan müşderileriň gerimini giňeltdi. Häzirki günde «Daluw» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginde üç sany dükany we welaýatlaryň her birinde dükanlary hereket edýär. «Daluw» söwda nokatlarynda şu harytlary satyn almak bolýar: elektrik suw gyzdyryjylary, gaz we elektrik peç ulgamlary, gyzdyrylan pollar, nasoslar, suw üçin süzgüçler, ýyladyş radiatorlary, saunalar we basseýnler üçin enjamlar, reduktorlar, elektrik enjamlar we başga-da köp sanly zatlar. 10 ýyllyk üstünlikli işiniň dowamynda kompaniýa ýyladyş we energiýa tygşytlaýjy enjamlar bilen üpjün edijiden hususy jaýlary, senagat we jemgyýetçilik binalaryny ýylatmak we suw bilen üpjün etmek, şeýle hem enjamlary saýlamak, komplektasiýa we gurnamak hyzmatlary üçin soňraky kepillik hyzmaty bilen giňişleýin çözgütleri hödürläp geldi. «Daluw» her bir müşderä iň az çykdajy esasynda ýokary netijeliligi üpjün edýän özbaşdak teklibi hödürleýär. «Daluw» kompaniýasy tarapyndan üpjün edilýän ähli enjamlar ulanyş babatda görkezilen talaplaryň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin köp basgançakly hil synagyndan geçýär. «Biziň kompaniýamyz ulanylyş möhleti hem-de köp sanly kanagatlanýan müşderiler tarapyndan tassyklanan baý tejribä eýedir» - diýip, kompaniýanyň wekili belleýär. «Daluw» kompaniýasynyň dükanlary şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Dossaf geçelgesi, «Täjir» söwda merkezi, 1-nji dükan; Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), 23-nji jaý, «Myratly Gadam» binasy; Türkmenabat ş., Himik-Zelili köçesi; Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 3/3-nji jaý; Mary ş., Mollanepes köçesi, 68-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 64) 70 33 39. Elektron poçta salgysy: market@daluw.biz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir